Lebapda usuly-amaly maslahat geçirildi
Lebap welaýat çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde etrap-şäherlerde ýerleşýän şeýle maksatly edaralaryň usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Çagalarda zähmete söýgi döretmegiň we hünärlere
ugrukdyrmagyň pedagogik esaslary» atly iki günlük usuly-amaly maslahat geçirildi.
Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan geçirilen maslahatyň barşynda öňdebaryjy gurnak ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi we olar tarapyndan guralan sergä tomaşa edildi. Soňra bu merkeziň göreldeli işgärleri myhmanlaryň gatnaşmaklarynda göreldeli açyk sapagyny berdiler. Sapak tamamlanandan soň, ol barada pikir alyşmalar geçirildi.
Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlaryň hem birnäçesi diňlenildi. Welaýat
çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň usulçysy Muhabbat Orazberdiýewanyň çykyşy çagalarda medeni-estetiki garaýyşlary kemala getirmäge bagyşlanan bolsa, Saýat etrabynyň Garabekewül şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «ýaş suratkeş» gurnagynyň ýolbaşçysy Ogulgeldi Jomartowa şeýle maksatly gurnagyň üsti bilen çagalara watançylyk we gözellik terbiýesini bermek bilen bagly tejribesini paýlaşdy.