Lebapda üç aýda 255 million manatlykdan gowrak maýa özleşdirildi
Şu ýylyň geçen üç aýynda Lebap welaýaty boýunça döwletimiziň özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 255,1 million manada barabar boldy.
Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6 göterim artykdyr.
Şonça serişdäniň 55,4 million manady (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 21,7 göterimi) önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine gönükdirildi.
Bu görkeziji hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 40 göterime golaý artdy.