JEMGYÝET

Lebapda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

Lebap welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä welaýat häkimliginiň, dürli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri, şeýle-de il sylagly ýaşulular bilen talyp ýaşlar gatnaşdylar. Kitabyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde neşir edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dabarada çykyş edenler täze kitabyň diplomatlar, halkara gatnaşyklary öwrenýän alymlar, dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenler hem-de žurnalistler üçin peýdaly gollanma boljakdygyny bellediler. Şeýle-de çärede ýurdumyzy ösdürmek we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada pikir alşyldy.