TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby bilen tanyşdyryldy

Şu gün ― 22-nji ýanwarda Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly ― dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara welaýat häkimi Maksat Annanepesowyň açylyş sözi bilen badalga berildi. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we döredijilik işgärleri, Mejlisiň deputatlary hem-de edebiýatçy alymlar çykyş edip, täze kitabyň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar.
Çykyşlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.
Şeýle hem bu dabarada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: