TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda Türkmenistanyň Mejlisiniň çykyp giden deputatlarynyň ornuna saýlawlar geçiriler

Lebap welaýatynda täze döredilen etraplarda hem-de saýlaw okruglarynda halk maslahatlarynyň agzalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ornuna geçiriljek saýlawlaryň senesi kesgitlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda kabul eden kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň, şeýle hem 74-nji «Amyderýa» we 79-njy «Darganata» saýlaw okruglary boýunça Mejlis deputatlarynyň ornuna saýlawlar bellenildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda kabul edilen karara görä, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň möhletinden öň çykyp giden agzalarynyň ornuna geçiriljek saýlawlar 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçiriler. Degişli saýlaw çäreleri bellenen tertipde guralar.