Lebap welaýat häkimliginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş
dabarasy geçirildi.
Welaýat häkimi Maksat Annanepesowyň açylyş sözi bilen başlanan dabaranyň dowamynda ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň ýolbaşçylary, kitaphanaçylar, döredijilik işgärleri hem-de ýaşlar çykyş edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenilýän günlerinde täze kitabyň okyjysy bolmagyň özleri üçin belent mertebedigini aýtdylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidente we
Gahryman Arkadaga Ýüzlenme kabul edildi.
Lebapda türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze kitaby tanyşdyryldy
11
Dec

