JEMGYÝET

Lebapda Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlykly barylýar

Lebap welaýatynyň häkimi Maksat Annanepesow döwlet Baştutanyna  her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Bu hasabat 21-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslaghatynda berildi.

Hakykatdan-da, Lebap welaýatynda bu şanly sene mynasybetli dabaralaryň uly toplumy geçiriler. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň welaýatdakuy merkezi bolsa şol dabaralaryň merkezine öwrüler.