MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Lebapda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde dürli çärelere, aýdym-sazly dabaralara giň gerim berildi.
Esasy baýramçylyk dabarasy welaýat we Farap etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň döwrebap binasynyň öňünde geçirildi.
Ýaşuly nesliň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, şeýle hem halk köpçüliginiň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabara ýurdumyzda milli mirasymyza goýulýan sarpanyň belentliginiň buşlugyna öwrüldi.