Lebap welaýatynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginde hem-de onuň etraplardaky kärhanalarynda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak we sazlamak boýunça çäreler geçirilýär.
Berlen maglumatlara görä, öňde duran möwsüm üçin dişli boronalaryň 7 müňe golaýy, SÇH-4B kysymly 393 sany gowaça ekijisi, 64 sany takyk gowaça ekijisi, 991 sany KHU-4B kultiwatory, «Ortman-8375» kysymly 66 sany kultiwator, şeýle hem beýleki oba hojalyk tehnikalary taýýarlanylýar.
Lebapda tehnikalar gowaça ekişine taýýarlanylýar
12
Jan
