Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Milli Bilim institutynyň guramaçylygy bilen Lebap welaýatynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumybilim maksatnamalary boýunça tebigy ugurly dersleri okatmagyň usulyýetiniň derwaýys wezipeleri we olary çözmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa ähli welaýatlardan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tebigy ugurly dersler boýunça öňdebaryjy mugallymlar we ýokary okuw mekdepleriniň alymlary gatnaşdy. Iki gün dowam eden maslahatyň açylyş dabarasy Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdepde geçirilip, onda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaş nesle kämil bilim bermek üçin döredilýän şertler barada çykyşlar diňlenildi.
Maslahat şäherdäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde bölümler boýunça dowam edip, bu ýerde okuw kitaplarynyň, usuly gollanmalaryň we görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar Repetek döwlet biosfera goraghanasynda gezelençde bolup, onuň özboluşly tebigaty bilen tanyşdylar hem-de daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça pikir alyşdylar.
Lebapda tebigy dersleri okatmagyň usulyýeti boýunça maslahat geçirildi
31
Mar

