«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, Lebap welaýatynda gök önümleri öndürmek üçin döwrebap ýyladyşhanalaryň sany artdyrylýar. Häzirki wagtda welaýatda 18 sany döwrebap ýyladyşhana işe girizilip, ýene-de 19 sanysynyň gurluşygy dowam edýär.
Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda welaýatda gök önümleriň öndürilişini 300 müň tonna, ýeralmany 136 müň tonna, bakja önümlerini 168 müň tonna, miweleri we ir-iýmişleri 47 müň tonna, üzümi bolsa 19 müň tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. Täze ýyladyşhanalaryň gurulmagy ýylyň dowamynda ilatyň gök önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam berer.
Lebapda täze ýyladyşhanalaryň ýene-de 20-ä golaýy gurlar
08
May

