«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri Lebap welaýatynyň çäklerinde ýerasty suw gorlaryny anyklamak we olaryň hilini öwrenmek boýunça netijeli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda welaýatyň Zähmetkeş we Narazym meýdançalarynda burawlamak we surata almak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gözlegleriň esasy maksady ilaty we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny arassa agyz suwy, şeýle hem saglygy goraýyş üçin ähmiýetli bolan mineral-bejeriş suwlary bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Ekspedisiýanyň hünärmenleri sebitde diňe bir suw gözlemek bilen çäklenmän, eýsem topragyň geoekologiki ýagdaýyny öwrenmek we meliorasiýa maksatly inžener-geologiki barlaglary hem yzygiderli geçirýärler. 2025-nji ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasyny 111,8 göterim berjaý eden ekspedisiýa, Lebap welaýatyndaky täze meýdançalarda suw gorly täze ýataklaryň üstüni açmak arkaly sebitiň maddy-çig mal binýadynyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar.
Lebapda täze ýerasty suw ýataklaryny we mineral suwlary gözlemek işleri alnyp barylýar
16
Jan
