JEMGYÝET

Lebapda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy ýyl bilen bagly atlandyryldy

Düýn, 1-nji sentýbarda Lebap welaýatynda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi. Ýekşenbe günüdigine garamazdan, baýramçylyk mynasybetli welaýatyň ähli bilim edaralarynda aýdym-sazly dabaralar geçirildi.

Dabaralarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bilim işgälerine, talyp ýaşlaryna we mekdep okuwçylaryna iberen Gutlagy okaldy.

Şeýle hem düýn täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy geçirildi. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy.