BILIM

Lebapda täze okuw ýylyna dabara bilen girişildi

1-nji sentýabrda Lebap welaýatynda hem goşa baýram – Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli giňden bellenildi. Irden welaýatymyzyň ähli bilim ojaklarynda «Ilkinji jaň» dabaralary geçirildi. Ýaňly sazlaryň owazy mekdepleri gurşap aldy, dürli çykyşlar ýerine ýetirildi. Dabaralara şäher we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, mugallymlar we ata-eneler gatnaşyp, ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutladylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň täze okuw ýyly mynasybetli iberen Gutlagy okaldy we ol ýygnananlaryň ruhuny has-da göterdi.
Mekdeplerde ilkinji jaňlaryň kakylyşy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ilkinji sapaklar başlandy. Ýaňyja 1-nji synpa gadam basan körpelerimize Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap kompýuterler gowşuryldy. Şeýle-de Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda täze okuw ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat we şäher ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna täze okuw ýylynda üstünlik arzuw edildi, aýdym-sazlaryň owazy bolsa dabaranyň şatlyk-şowhuny has-da artdyrdy.