Lebapda täze gurlan kärhana barada italýan inženeri ýürek buýsanjyny beýan etdi
Italiýanyň «Adipson» kompaniýasynyň esasy inženeri Duşan Swiýanowiç öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
—Täze kärhanany enjamlaşdyrmak biziň kompaniýamyzyň paýyna düşdi. Men hem inžener hökmünde bu işe öz şahsy goşandymy goşýandygyma örän begenýärin.
Desgany dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary bilen üpjün etdik, olary gurnadyk. Şeýle hem desgada işlejek ýaşlara iş endiklerini, ukyp-başarnyklary ele almaklary üçin zerur bolan bilimleri öwretdik. Biziň iş öwreden ýaşlarymyz eýýäm iş orunlarynda özbaşdak işleýärler. Bu bolsa biziň zähmetimiziň ýerine düşendigini görkezýär. Iň esasy maksadymyza ýetdik. Ilkinji gezek Türkmenistanda glisirrizin turşusy öndürilip başlandy. Geçen günlerimiz ýakymly ýatlamalara öwrülýär. Biziň işimiz biziň ýüzümizi görkezýär. Yhlas bilen zähmet çekdik. Türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentine şeýle kuwwatly desgany enjamlaşdyrmagy kompaniýamyza ynanandygy üçin sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkyna ähli rowaçlyklary arzuw edýäris.