JEMGYÝET

Lebapda täze gelen jemagat hojalygy tehnikalaryndan giňden peýdalanylýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýakynda Lebap welaýatyna jemagat hojalygy ulaglarydyr tehnikalarynyň we ýöriteleşdirilen enjamlarynyň 150-ä golaýy gelip gowuşdy. Täze tehnikalar welaýat merkezinde we etrap-şäherlerde arassaçylyk, ýol ýuwmak, zibil daşamak hem-de lagym ulgamlaryny arassalamak işlerinde ulanylýar. Türkmenabat şäherinde ilkinji gezek köçeleri özi ýuwup, özi süpürýän tehnikalar peýda boldy, täze zibil konteýnerleri bolsa ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýerleşdirildi.
Welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginde 3700-den gowrak işgär zähmet çekýär. Täze tapgyrda Hytaý Halk Respublikasynyň «Infore Enviro», «Zoomlion» we «Dongfeng» kompaniýalarynda öndürilen ýol ýuwujy awtoulaglar, suw daşaýjy tehnikalar, zeý suwlaryny sorujy, lagym ulgamlaryny arassalaýjy enjamlar hem-de 26 orunlyk 10 sany awtobus hojalygyň ygtyýaryna berildi. Şeýle hem göwrümi 20 kub metre çenli bolan zibil konteýnerleri we 660 litre çenli zibil sygdyryp bilýän ýörite awtoulaglar şäher köçelerinde ulanylýar.