YKDYSADYÝET

Lebapda täze gaz ýatagy tapyldy

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän meýdançalaryň birinde geçirilen buraw işleriniň netijesinde, senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy. Munuň özi çykarylýan mawy ýangyjyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu barada Hökümetiň 20-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan çykarylýan uglewodorod serişdeleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamak boýunça bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň esasynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda türkmen geologlary tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany täze açylan gaz ýatagyny özleşdirmek üçin ähli zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we wise-premýere ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: