Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji oktýabrda gol çeken Permany bilen Lebap welaýatynda täze döredilen etraplaryň kazyýetleri döredildi. Permanyň 1-nji böleginiň 3-nji bendine görä, Döwletli, Farap we Garabekewül etraplarynda etrap kazyýetleri işläp başlar.
Permanda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmeli.
