MEDENIÝET

Lebapda täze döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Bedew batly zamana — ylham berýär zybana» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak, gazanylan durmuş-ykdysady ösüşleri we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny çeper beýan etmek maksadyny daşaýar. Bäsleşige makalalar, hekaýalar we goşgular ugurlary boýunça ýurdumyzyň waspyny ýetirýän kämil eserler kabul edilýär.
Döredijilik işleri 2026-njy ýylyň 10-njy dekabryna çenli «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynda (Türkmenabat şäheriniň S. A. Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy) ýa-da turkmengundogary-gazeti@sanly.tm elektron poçta salgysy arkaly kabul ediler. Hödürlenen eserleriň iň gowulary welaýat gazetiniň sahypalarynda çap ediler. Bäsleşigiň netijeleri Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.