TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda täze desgalaryň gurluşygy boýunça tabşyryklar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi, ähli desgalarda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime anyk tabşyryklary berdi.