MEDENIÝET

Lebapda taryhy ýadygärlikleri öwrenmegiň ýazky möwsümi başlandy

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022—2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde Lebap welaýatynyň çäginde hasaba alnan 196 sany taryhy-medeni ýadygärlikde ylmy-barlag işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa we Alamberdar mawzoleýleri, şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň okan ýeri bolan Idris baba medresesi ýaly dünýä meşhur desgalary asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar.
Türkmenabat şäheriniň günorta künjeginde, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän gadymy Amul galasynda hem ylmy barlaglaryň täze tapgyryna badalga berildi. Mundan iki ýyl ozal halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatyň geçirilen bu taryhy mekanynda dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy naharhananyň we hammamyň diwarlary, kümüş hem-de mis teňňeler, zenan şaý-sepleri we keramiki önümler ýüze çykarylypdy. Bu tapyndylar galanyň geçmişdäki ösen söwda-ykdysady we durmuş medeniýetiniň aýdyň subutnamalary bolup hyzmat edýär.
Geçen aýda badalga berlen ýazky möwsümiň dowamynda «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri Amul galasynyň demirgazyk-gündogar böleginde gazuw-agtaryş we dikeldiş işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda dört adamdan ybarat hünärmenler topary tarapyndan galanyň medeni gatlaklaryndan täze tapyndylar ýüze çykaryldy. Şonuň bilen birlikde, goraghananyň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň dowamynda Kerki etrabyndaky Mürzebeggala ýadygärliginde we Darganata etrabyndaky Daýahatyn kerwensaraýynda hem meýilnamalaýyn ylmy-barlag işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.