SPORT WE SYÝAHAT

Lebapda talyplaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Lebap welaýatynda ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlar guraldy. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi bilen bilelikde geçirilen bu çäre, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi maksat edindi.
Sport bäsleşikleri aşakdaky görnüşler boýunça geçirildi:
Woleýbol
Küşt
Şaşka
Çekeleşikli geçen ýaryşlaryň netijesinde tapawutlanan talyp-türgenler we olaryň taýýarlygynda aýratyn işjeňlik görkezen tälimçiler welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandyryldy.
Bu sport çäreleri jemgyýetimizde ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň netijeliligini ýene bir gezek subut etdi. Gatnaşyjylar ýurdumyzda milli derejeli sporty ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.