2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Lebap welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki kärhanalarynda 12 tonna süýji-köke önümleri öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 tonna köp bolup, ösüş depgini 9,1 göterime deň boldy.
Welaýatda azyk senagatynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy ýokary hilli konditer önümleriniň öndürilişiniň artmagyna ýardam berýär. Şeýle ösüş içerki bazary ýerli önüm bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Lebapda süýji-köke önümleriniň öndürilişi ýokarlandy
14
Mar

