YKDYSADYÝET

Lebapda süýji-köke önümleri bol mukdarda öndürilýär

Şu ýylyň 10 aýynda lebap welaýatynda süýji-köke önümçiliginde 12 göterimlik ösüş gazanyldy.
Welaýat statistika müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, şu ýyl sebitde 2912,6 tonna süýji-köke öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 311 tonna köpdür. Geçen ýyl welaýatyň konditer kärhanalarynda 2601 tonna önüm öndürilipdi.
Şunda görkezilen hasaplara döwletiň garamagyndaky we hususy eýeçilikdäki kärhanalarda öndürilen önüm bilelikde girýär.