YKDYSADYÝET

Lebapda suwuklandyrylan gaz önümçiliginde 45 göterimlik ösüş gazanyldy

Şu ýylyň sekiz aýynda Lebap welaýatynda suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň önümçiligi boýunça 45 göterimden hem gowrak ösüş gazanyldy.
Has takygy, ýanwar ― awgust aýlary aralygynda welaýatda 21,8 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwründäki önümçilik bolsa 15 müň tonna deňdi. Bu görkezijiler önümçilikdäki ösüşiň 45,6 göterime ýetendigini görkezýär.