Suw-batgalyk ýerleriň bütindünýä güni we Ramsar konwensiýasynyň 60 ýyllygy mynasybetli, Lebap welaýatynyň çäginde gyşlaýan guşlaryň uly möçberli sanawy amala aşyryldy. Welaýatyň demirgazyk böleginde bu ylmy işler Amyderýa döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda alnyp barlan bolsa, günorta sebitlerdäki ekspedisiýalara Türkmenistanyň biologik köpdürlüligini öwrenmek boýunça Başlangyç toparyň hünärmenleri ýolbaşçylyk etdi.
Gözegçilikleriň dowamynda sebitdäki suw howdanlarynda gyşlaýan ördekleriň, sakarbaraklaryň we beýleki suw-batgalyk guşlarynyň ýagdaýy öwrenildi. Howanyň adatdan daşary gurak gelmegi sebäpli içerki suw howdanlarynda guşlaryň sany ortaça görkezijilerden pes bolsa-da, ýüze çykarylan maglumatlar welaýatyň ekoulgamy üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ekspedisiýalaryň netijeleri 9-njy fewralda Aşgabatda geçiriljek ylmy maslahatda umumy hasabata giriziler.
Lebapda suw-batgalyk guşlarynyň halkara gyşky sanawy geçirildi
04
Feb
