MEDENIÝET

Lebapda surata düşürilen ilkinji Täze ýyl kinoroligi tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy

Lebap welaýatynda surata düşürilen ilkinji Täze ýyl kinoroligine «YouTube» platformasynda 15 müň gezekden gowrak tomaşa edildi. Häzirki wagtda bu görkeziji barha artýar.
Kinorolik «Başagaý Aýazbaba» diýlip atlandyrylýar. Ondaky wakalar Türkmenabat şäherinde bolup geçýär. Baýramçylyk Aýazbabalary kärendesine berýän edaradan tabşyryk alan Musanyň başdan geçirenleri gyzykly we täsirli wakalar bilen beýan edilýär. Işine köp sanly şowsuzlyklara uçran Musa kinoroligiň ahyrynda Jennet atly bir gyzjagazy kakasy bilen duşuryp, başlygynyň berekellasyny alýar.
Filmde welaýatyň görnükli sungat we döredijilik wekilleri Musa Hezretgulyýew, Agageldi Italmazow, Şatlyk Egemberdiýew, Ural Ýusubow, Ygtyýar Öräýew (DJ Ihtik), Pöwrize Gulamowa, Şamyrat Hanmyradow, Maral Akmyradowa we beýlekiler hem-de ýaş zehin Jennet Italmazowa dagylar surata düşdüler. Kinoroligiň surata düşüriliş işleri «Ezber» studiýasy tarapyndan alnyp baryldy.
«Başagaý Aýazbaba» kinoroligine şu salgy arkaly tomaşa edip bilersiňiz.