YKDYSADYÝET

Lebapda şu ýylda 21,5 milliard kub metr gaz çykarmak meýilleşdirilýär

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, 2026-njy ýylda Lebap welaýatynda tebigy gazyň çykarylyşyny 21 milliard 500 million kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem welaýatda suwuklandyrylan gazyň öndürilişini 112,3 müň tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Maksatnamada gaz kondensatyny goşmak bilen, nebitiň çykarylyşynyň 448,3 müň tonna barabar boljakdygy bellenilýär. Şeýle hem şu ýyl «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň wodorod gazyny arassalaýan we konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.