Lebap welaýatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri dowam edýär.
Welaýat häkimi D.Genjiýew sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bu desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Täze binalaryň gurulmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, sebitde önümçilik we durmuş ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebapda şu ýyl açyljak desgalaryň gurluşygy gözegçilikde saklanýar
13
May

