TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda şu ýyl açyljak desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi

Lebap welaýatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada welaýat häkimi D.Genjiýew 4-nji maýda geçirilen sanly iş maslahatynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyrylmagyny gözegçilikde saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.