TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda sowuk günler dowam eder

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, şu hepdede Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar.
Howa gijelerine 0…–5°С sowukdan –1…+4°С çenli, gündizlerine bolsa +1…+6°С-dan +9…+14°С çenli maýyl bolar diýlip çak edilýär.