TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda sowgatlyk önümler hödürleniljek täze söwda merkezleri işläp başlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli öňde boljak çäreler bilen baglylykda, Lebap welaýatynda söwda nokatlary açylyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasy guralar. Şeýle nokatlar Aşgabat şäherinde we ýurduň beýleki welaýatlarynda hem işlär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň 9-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde ýurduň söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer N.Atagulyýewe bu ugurdaky işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Gahryman Arkadag dokma senagaty kärhanalarynyň şanly sene bilen bagly sowgatlyk önümlerini öndürmelidiklerini aýtdy hem-de geçiriljek çärelere bagyşlanan sergileri ýokary derejede taýýarlamak üçin zerur bolan ýardamlary bermegi, halkara çärelerine gatnaşyjylaryň hormatyna beriljek günortanlyk we agşamlyk naharlaryny ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.