Lebap welaýatynyň ähli orta mekdeplerinde hem 25-nji maýda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda «Soňky jaň» dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Bu şatlykly gün mekdep uçurymlarynyň durmuşynda aýratyn ýatda galjak pursatlaryň biri bolup, bilim işgärleriniň, mugallymlaryň, ene-atalaryň we okuwçylaryň gatnaşmagynda giňden dabaralandyrylar.
Baýramçylyk mynasybetli göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem uçurymlar üçin welaýatyň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençler guralar, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler. Bu çäreler ýaş nesliň bilim almaga bolan höwesini artdyrmak, olaryň Watana, halka we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerine buýsanjyny berkitmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralarynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, okuw ýylynyň tamamlanmagy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdep uçurymlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek dabaralaryň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.
Lebap welaýatynda hem bu möhüm çäräni ýokary derejede geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Soňky jaň» dabaralary uçurymlaryň mekdep ýyllary bilen hoşlaşyp, täze durmuş ýoluna gadam basýan pursadyny has-da dabaralandyrar.
Lebapda «Soňky jaň» mynasybetli uly dabaralar geçiriler
18
May

