YKDYSADYÝET

Lebapda senagat önümçiliginiň möçberi artýar

2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Lebap welaýatynda öndürilen senagat önümleriniň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň hereket edýän nyrhlardaky umumy möçberi 3 milliard 367 million manada barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,8 million manat köp bolup, ösüş depgini 0,4 göterime deň boldy.
Welaýatda senagat pudaklarynyň durnukly ösüşi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle ösüş depginleri ýurdumyzyň senagat pudagynyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär.