2025-nji ýylda Lebap welaýatynyň senagat pudagy durnukly ösüş ýoluny dowam etdirdi. Lebap welaýatynyň statistika müdirliginiň maglumatlaryna görä, ýylyň dowamynda öndürilen önümiň umumy möçberi 25 023,1 million manada ýetdi.
Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründe hasaba alnan 24 922,9 million manatlyk görkezijiden ýokary bolup, welaýatda önümçilik kuwwatlarynyň yzygiderli artdyrylýandygyny görkezýär.
Lebapda senagat önümçiliginde ösüş depgini 0,4 göterime deň boldy
12
Feb

