TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda sementiň önümçiligi 1 million 860 müň tonna ýeter

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, 2026-njy ýylda Lebap welaýatynda sement önümçiligini 1 million 860 müň tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu görkeziji Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Maksatnama laýyklykda, şu ýyl gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalary tarapyndan magdan däl gurluşyk materiallarynyň 3 million 177 müň kub metrini, diwara örtülýän materiallaryň 240 million sany şertli kerpijini, asfaltbetonyň 196 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylmaga berilmegi welaýatda gurluşyk materiallarynyň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.