JEMGYÝET

Lebapda saýlaw okruglary boýunça dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy

Lebap welaýatynda täze döredilen etraplaryň halk maslahatynyň agzalygyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak tapgyry tamamlandy. Bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda amala aşyrylyp, welaýat saýlaw topary tarapyndan dürli pudaklarda zähmet çekýän wekiller hasaba alyndy. Ähli dalaşgärleriň hödürlenilmegi we bellige alynmagy erkin hem-de deňhukuklylyk esasynda alnyp baryldy.
Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar üçin Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga 6, welaýat halk maslahatynyň agzalygyna 3 dalaşgär hasaba alyndy. Şeýle-de täze döredilen etraplaryň halk maslahatynyň agzalygyna 123 we Geňeşleriň agzalygyna 72 dalaşgär hödürlenilip, olar resmi taýdan hasaba alyndy. Häzirki wagtda welaýat boýunça saýlawlara taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär.