JEMGYÝET

Lebapda saýaly daragtlaryň sany ýene 7,5 müňe çenli artdy

Milli bahar baýramynyň çäklerinde Lebap welaýatynda bag ekmek dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenabat şäheriniň Gündogar bazarynyň töweregindäki 10 gektar meýdanda guraldy. Dabaranyň dowamynda jemi 11 müň düýp bag nahaly ekilip, olaryň 7 müň 500-si saýaly daragtlardan ybarat boldy.
Şeýle hem ekilen nahallaryň arasynda 8 müň 400 düýp miweli agaç, 3 müň 200 düýp üzüm we 14 müň 600 düýp tut agajy bar. Bag ekmek dabarasyna dürli ýaşdaky ildeşler, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri, talyp ýaşlar we dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlar gatnaşdy.