Lebap welaýatynda simli we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze belgileri ulgama birikdirmek we hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär. “Oba milli maksatnamasyna” laýyklykda, obalary we şäherçeleri ýokary tizlikli internet hem-de häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler sebitiň sanly ykdysadyýete geçmegini we ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebaplaşmagyny üpjün edýär.
Lebapda sanly we öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar
11
Apr

