YKDYSADYÝET

Lebapda sanly bank hyzmatlary artýar

 Şu ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, Lebap welaýatynyň söwda we töleg nokatlarynda nagt däl hasaplaşygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýän POS terminallaryň sany 7 müň 307-ä çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýty habar berýär.

Lebap welaýaty Türkmenistanyň sebitleriniň arasynda iň kän POS terminaly bolan welaýatdyr. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Mary welaýatynda 6 müň 995, Balkan welaýatynda 5 müň 627, Daşoguzda 5 müň 346, Ahal welaýatynda bolsa 3 müň 126 terminal bar. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna hyzmat edýän 13 müň 594 terminaly hem goşsaň, ýurdumyzda işjeň terminallaryň sany 41 müň 995-e ýetýär.

Welaýatymyzdaky iň köp terminal «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyňkydyr. Gündogar sebitde olaryň sany 2 müň 519-a ýetýär. Bu bolsa ýurt derejesinde iň ýokary görkezijidir. Şeýle hem welaýatda «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň 1 müň 336, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň 1 müň 295, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň 1 müň 125, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň 442, «Senagatbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň 348, «Türkmen-Türk» paýdarlar täjirçilik bankynyň 231, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň bolsa 11 terminaly bar.

Maglumatlar Türkmenistanda soňky bir ýylyň içinde 1000-den gowrak täze terminalyň işläp başlandygyny görkezýär. Karz edaralarynyň öz müşderilerine nagt däl hasaplaşyklar üçin «Сash back» hyzmatyny hem hödürleýändigini ýatladýarys. Bu hyzmat arkaly aýyň dowamynda edilen nagt däl hasaplaşyklaryň belli bir göterimi yzyna gaýtarylyp berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: