Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2026-njy ýylda ýurdumyzda şaly öndürmek boýunça degişli Karara gol çekildi. Resminama laýyklykda, oba hojalygyny ösdürmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şalyçylyk pudagynda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Karara laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine, şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine degişli etraplarda şaly önümçiligini ylmy esasda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýola goýmak tabşyryldy. Şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi arkaly ýokary hasyl almak, ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksat edinilýär.
Lebapda şaly ýetişdirmek boýunça Karara gol çekildi
30
Mar

