Şu günler Lebap welaýatynda möhüm oba hojalyk möwsümi ― şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatda 10 müň 200 gektar meýdana ekilen şalyny öz wagtynda ýygnap almak üçin kuwwatly kombaýnlaryň 120-sinden peýdalanylýar.
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginden berlen maglumata görä, şaly oragynda, esasan, «СLAAS TUСANO-430 Rise», «Keýs» kysymly kombaýnlar ulanylýar. Dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen bu kombaýnlar hasyly ýitgisiz ýygnap almaga doly mümkinçilik berýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Jeýhun ýakasyndaky sebitde 47 müň 400 tonna şaly hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekin meýdanlaryndaky we harmana üýşýän bol hasyl gündogarly şalyçylaryň bu sepgide abraý bilen ýetjekdigine bolan ynamyňy güýçlendirýär.
Lebapda şaly oragy dowam edýär
30
Oct
