YKDYSADYÝET

Lebapda şaly ekişi tamamlandy

Lebaply ekerançylar şu ýylda 10 müň 200 gektar meýdanda şaly ekdiler. Şonça meýdandan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamak maksat edinilýär. Welaýat neşiri etraplaryň ählisinde ekilen şalynyň aglabasynyň ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşidigini ýazýar.

Şu günlerde daýhanlar bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda ekilen beýleki aralyk ekinler bilen bir hatarda şala hem göwnejaý ideg edýärler. Her ýylda ýetişdirýän şaly hasylynyň azyklyk sypatlarynyň hil taýdan has ýokarydygyny aýratyn belläsiň gelýär. Häzirki wagtda Lebap topragynda ýetişdirilýän şaly önümine ýurdumyzda has uly isleg bildirilýär. Bazarlarymyzda şu günlerde hem elýeterli bahadan şalydan öndürilen tüwiniň dürli görnüşleri hödürlenilýär.