TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda şaly ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ministrler Kabinetiniň 22-nji maýda geçirilen mejlisinde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada berlen hasabatda Lebap welaýatynda şaly ekmek möwsümine taýýarlyk görülýändigi aýdyldy. Daşoguz welaýatynda bolsa şaly ekmek işleriniň dowam edýändigi habar berildi.
Şeýle hem welaýatlarda ýazlyk ýeralma, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek we ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.