YKDYSADYÝET

Lebapda şala ideg edilýär

Lebap welaýatynda şu ýyl 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 47 sentnere ýakyn boljakdygyny aňladýar.

Meýilnama laýyklykda şu ýyl welaýatyň iri etraplary bolan Saýat etrabynda 3 müň 140 gektar, Çärjew etrabynda 3 müň 80 gektar, şeýle hem Dänew etrabynda 2 müň 160 gektar ýere şaly ekildi. Bu etraplaryň daýhanlary ýurdumyz boýunça bu gymmatly azyklyk ekininiň bol hasylyny ýitgisiz ýygnalmagyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: