Lebapda raýatlyga kabul edilenlere pasportlaryň gowşurylyş dabarasy boldy
Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda kabul edilen bu çözgüde laýyklykda, welaýatyň çäginde hemişelik ýaşaýan adamlaryň 456-sy raýatlyga kabul edildi we 31 adama ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Dabarada çykyş edenler ýurtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralýandygyny, raýatlaryň abadan durmuşy ugrunda yzygiderli alada edilýändigini, dürli milletleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşamaklaryna we zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar.
Şeýle dabaralar welaýatyň beýleki etrap-şäherlerinde hem geçirildi.