YKDYSADYÝET

Lebapda pile tabşyrylyp başlandy

Lebap welaýatynyň gündogar etraplarynyň ýüpekçileri senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläni ýygnamaga köpçülikleýin girişdiler.

Kerki etrabynyň ýüpekçileriniň pile kabul ediş we guradyş bölümlerine getirýän hasylynyň mukdary barha köpelýär. Goňşy Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläniň kilogramlaryny barha artdyrýarlar. Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesinde ýerleşýän pile kabul ediş we guradyş bölüminde hem 30-njy aprelde ilkinji hasylyň kabul edilmegi mynasybetli toý dabarasy guraldy.

Türkmenistanda ýygnalmagy meýilleşdirilen piläniň agramly bölegi welaýatymyzyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Lebaplylaryň maksady 1010 tonna pile ýygnamakdan ybarat. Ýüpekçileriň bu ugurda baý tejribeleriniň bolmagy önümçiligiň ýokary derejede guralmagyny üpjün edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: