YKDYSADYÝET

Lebapda pile tabşyrmak möwsümi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär

Lebap welaýatynyň etraplarynyň ählisinde senagat üçin gymmatly çig mal bolan pile ýygnamaga köpçülikleýin girişildi. Olaryň maksady gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny tabşyrmakdan ybarat.
Kerki, Dänew, Halaç, Hojambaz etraplarynyň hojalyklarynda bu iş örän guramaçylykly alnyp barylýar. Şu günler edermen ýüpekçilerimizden kümüşsöw çäje gelip gowuşýan piläniň tonnalary yzygiderli artýar.
Kerkili ýüpekçiler edil öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem üstünlige tarap ynamly ugur aldylar. Etrap pile kabul ediş we guradyş bölüminiň ýolbaşçysy Muhammet Welnazarow eýýäm daýhan birleşikleriniň 6-syndan 5-siniň pellehana gelendigini bize buşlady. Onuň aýtmagyna görä, «Gyzylaýak»,
«Hatap», Osman Söhbetow adyndaky, «Mürzebeggala», S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer ýüpekçileri pile tabşyrmak baradaky borçnamalaýyn tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirip, hasylyň galan bölegini hem ýygnamagy dowam etdirýärler.
Etrap boýunça piläniň 85 tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Ýüpekçileriň ýakyn günlerde pellehana ýetjekdiklerine ynamlary uly. Ýüpekçilik bilen meşgullanýan kärendeçileriň 843-siniň aglabasy eýýäm borçnamalaýyn tabşyryklaryny ýerine ýetirdi. Dänew, Halaç, Hojambaz etraplarynyň hojalyklarynda hem işiň depgini barha ýokarlanýar. Etraplaryň hersinde günde ýygnalýan çig mal 15-20 tonna golaýlaýar.