Lebap welaýatynda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barlyp, pile kabul ediş bölümleri möwsüme doly taýýar edildi.
Bu barada welaýat häkimi M.Annanepesow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi. Hormatly Prezident hasabaty diňläp, bu babatda degişli görkezmeleri
berdi. Şu ýyl Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 1010 tonna pile tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Welaýatyň günorta etraplarynda pile tabşyrmaga girişildi.
Lebapda pile kabul ediş bölümleri möwsüme doly taýýar edildi

29
Apr