TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar

Lebap welaýatynda pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýat häkimi D.Genjiýew hasabat berdi.
Ýüpekçilik pudagy oba hojalygynyň gadymy we ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Welaýatda pileçi kärendeçiler tarapyndan möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklary bu pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.